Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».
Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.
Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»
Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.