Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy.