Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.
Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.
Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.
Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.
Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz.
Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.