Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 19:8 - Mukaddes Kitap

8 Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Кәбирлери сөвеш арабаларына, кәбирлери-де бедевлерине буйсаняр, биз болса Худайымыз Реббиң адына буйсаняндырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 19:8
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň siziň üçin ýazan tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny seresaplyk bilen berjaý ediň. Siz keseki hudaýlara sežde etmäň.


Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.


Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.


Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, sadyk söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.


Ol şum habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.


Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


Ýa Reb, olar halkyňy ezýär, Seniň milletiňe ejir çekdirýär.


Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.


Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nur, käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.


Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?


Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!


Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,


Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.


Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim:


Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.


Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.


Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ