2 Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
2 Мушакгатлы гүнде Реб саңа җогап берсин, Якубың Худайы сени горасын.
Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi.
Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.
Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».
eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar.
Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!
Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
Bu gün meniň edişim ýaly, diriler, diňe diriler Saňa şükür edýärler, atalar perzentlerine Seniň wepalylygyňy bildirýärler.