Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň söýgüsi bakydyr» diýdiler.
Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlylara, mowaplylara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy.
Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.
Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.
Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.
Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.