Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 18:14 - Mukaddes Kitap

14 Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Өз бендәңи гора бетпәллик гүнәлеринден, олар хөкүм сүрмесин мениң үстүмден; мен айыпсыз боларын шонда, пәк боларын гүйчли битабынлыкдан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 18:14
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.


Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.


Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, ýyldyrym çakdyryp bilermiň?


Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.


Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler, men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin.


Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok.


Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.


Men şeýle diýdim öz rahatlygymda: «Meni asla hiç zat sarsdyrmaz».


Ýöne şonda-da Oňa garşy günä etmegi, çölde Beýik Hudaý garşy baş götermegi, dowam etdiler.


Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp, öz küýsän iýmitlerini talap etdiler.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.


Hudaý olary Müsürden ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, süňklerini çeýnärler, peýkam bilen ýaralarlar.


Başlaryna belalar indererin, oklarymy olara garşy ataryn.


Ölenleriň hem ýesirleriň ganyndan, uzyn saçly duşmanlaryň ganyndan oklarymy serhoş ederin, gylyjymy etden doýraryn“.


Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ