Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб мениң гаям, галам хем Халасгәрим, Худайым – пена эдинйән гаям, галканым, еңшим хем-де беркитмәм.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 17:3
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.


Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, ganhor alagaraňkylykda oýanýar, gijesine bolsa ogurlyk edýär.


Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys, agyz özümiziňki – kim bize hojaýyn çykýan?»


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp sadyk söýgiňi görkez.


Betkärler: duşmanlarym hem ýagylarym töhmetleri bilen maňa hüjüm edende özleri büdreýär hem-de ýykylýar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa,


Diline berk janyny goraýandyr, agzyboşlar heläkçilige barýandyr.


Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.


Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar. Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar. Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.


Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Soňra ol Şawula: «„Dawut saňa ýamanlyk etmek isleýär“ diýýänleriň sözüne näme üçin ynanýarsyň?


Eý, atam, donuňdan kesilen elimdäki şu kesindini görýäňmi, ine, seret. Donuňyň synyndan kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa-da haýynlyk etmek niýetimiň ýokdugy şundan hem belli ahyryn. Meni öldürmek üçin aňtap ýörenem bolsaň, men seniň öňüňde günä gazanmadym.


Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».


Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermek islemedim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ