Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 15:5 - Mukaddes Kitap

5 Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Реб мениң мирасым хем-де несибәм, Онуң элиндедир мениң ыкбалым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 15:5
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.


Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.


Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.


Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň.


Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, erbetler ýer ýüzünde galmaz.


Adam erbetlik bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.


Nebsine çapýan öýüne alada getirýär, parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.


Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar


garyba zulum etmez, peýda we göterim almaz. Eger ol Meniň hökümlerimi ýerine ýetirip, parzlarymy berjaý etse, kakasynyň ýazygy zerarly ölmän, ol hökman diri galar.


Erbet adam-da eden erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol adam öz janyny halas eder.


Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.


Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz.


Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ