Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.
Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy.