7 Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.
7 Олар миллетлерден, гой, өч алсынлар, халклара җеза берсинлер.
Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudylar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
Aşera butlaryny sogrup taşlaryn, galalaryňyzy weýran ederin.
Ol bu hanlary öldürip, olaryň jesetleriniň hersini bir agaçdan asyp goýdy. Olar agaçdan agşama çenli asylgy durdular.
Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.