Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»
Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.
Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!