Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
Atalarymyz bize öz bilişlerine görä, gysga wagtlyk terbiýe beripdiler. Hudaý bolsa biziň hem Onuň ýaly päk bolup bilmegimiz üçin bize terbiýe berilýär.
Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.