Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 149:3 - Mukaddes Kitap

3 Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Олар танс эдип, Оны шөхратландырсын, депрекде, лирада Оңа мукамлар чалсын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 149:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.


Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi.


Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.


Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar.


Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr liralar we surnaýlar çalyp geldiler.


Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi.


Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar.


Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.


Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.


Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Sen meni gabryň düýbünde, tümlükde, çuňlukda goýduň.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler, gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar. Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin, gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.


Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.


Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ