Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.
Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi.
Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän ýele öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňze getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady.
Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.
Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!
Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.
Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Olar gämini ýeňletmek üçin, ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.
Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.
Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.