4 Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
4 Ол буйрукларыны ере гөндерйәр, Онуң сөзи тизлик билен яйраяр.
Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.
Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.
Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.