Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.
Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.
Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler, ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň: „Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar, çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.
Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.
Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.