Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 146:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реб песпәллери галдыряр, Ол эрбетлери ере пылчаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 146:6
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.


Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky».


Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.


Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.


Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!


Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý, Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!


Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.


Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.


Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Kanunyňyzda: „Men diýýärin: Siz hudaýlarsyňyz“ diýip ýazylan dälmi?


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ