5 Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
5 Реббимиз бейикдир, кувваты көпдүр, пайхасының хич чәги ёкдур.
Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.
Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.
Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy.
Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny talap etmediň.
Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.
Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn.
Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.
Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr.
Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».
Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.