5 Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan, onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan!
5 Ненең багтлы Якубың Худайына даянян, онуң Худайы Реббе умыт баглаян!
Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi.
Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka? Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?
Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.
Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary.
Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyna öwgüler aýdyň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.
Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň!