Her bir maşgalanyň geljekki nesillerinde, her bir welaýatda, her bir şäherde şu günler ýatlanylyp, bellenilmelidi. Ýahudylaryň arasynda bu Purym günleri yzygiderli bellenilmelidir we şu günler olaryň nesilleriniň arasynda hem ýatdan çykarylmaly däldir.
Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“.