4 Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.
4 Сениң ишлериң несилербойы тарып эдилер, Сениң гудратлы ишлериң хем ыглан эдилер.
Dökülip, topraga siňip giden suw ýaly, ählimiz dünýäden öteris. Ýöne Hudaý jany almaz. Ol kowlanlary Özünden uzaklaşdyrmazlygyň alajyny tapýar.
Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr.
Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.
Çünki biz düýnkilerdiris, bilýän zadymyz ýokdur, ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.
Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.
Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.
Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.
Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.