2 Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
2 Саңа хер гүн алкыш айдарын, адыңы эбеди ве бакы шөхратландырарын.
Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.
Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.
Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.