Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.
Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.