7 Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.
7 Бейикликден узат элиңи, хайбатлы сувлардан, кесекилерден азат эт, халас эт мени.
Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!
Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
Çünki, eý, Hökmürowan Reb, umydym Sensiň, ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.
Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.
Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.
Uzaga çeken tama ýürek derdidir, hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.
Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz, ölüm Saňa öwgüler aýtmaz, Seniň wepalylygyňa umyt baglap bilmezler gabra inýänler.
Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.
Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.
Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän betbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer, sebäbi asman jisimleri lerzana geler.