6 Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
6 Саңа тарап эллерими герйәрин. Җаным гурак топрак дей Саңа тешнедир. Села
Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:
Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.
Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!
Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.
Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň, gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.
Ýa Reb, ynsan kimmişin, Sen onuň aladasyny ederiň ýaly? Ynsan ogly kimmişin, Sen onuň pikirini ederiň ýaly?
Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Hudaýa heşelle kakyň!
Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!