Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 141:4 - Mukaddes Kitap

4 Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Сагыма бак-да, гөр: хич ким маңа хормат гоймаяр, маңа инди гачалга-да ёк, хич ким җанымың гайгысыны этмейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 141:4
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi.


Emma Hudaýyň adamy patyşa: «Maňa patyşalygyň ýarysyny berseňem, men seniň bilen gitmerin. Bu ýerde çörek iýip, suw-da içmerin.


Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.


Onuň ýollaryndan ýörärimiz ýaly, Onuň atalarymyza beren tabşyryklaryny, parzlaryny hem-de hökümlerini berjaý ederimiz ýaly, biziň ýüreklerimizi Özüne tarap öwürsin.


Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.


Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.


Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.


Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir.


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ