Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.
Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.
Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».