Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».
Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!
«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».
«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.
Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.
Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.