Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 14:1 - Mukaddes Kitap

1 Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Давудың мезмуры Я Реб, Сениң чадырыңда ким дүшләп билйәр? Мукаддес дагыңда ким яшап билйәр?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 14:1
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.


Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär? Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?


Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.


Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.


«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.


Amala aşan arzuw jana rahatlyk berýär, ýamanlykdan aýrylmagy akmak ýigrenýär.


Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


«Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler: „Ol hiç zat etmez. Bela-beter başymyzdan inmez, biz uruş ýa-da açlyk görmeris.


Olaryň bary tekepbir pitneçidirler, gybatdyr töhmet bilen ýaşaýarlar. Ýüregi bürünç, demir deý gatap, hemmesi ýoldan çykandyr.


Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ