Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 137:7 - Mukaddes Kitap

7 Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мушакгат ичинде гезсем-де, мени аман саклаяң, душманларыма гаршы Өз элиңи узадяң. Сениң голуң мени халас эйлейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 137:7
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!


Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Segir dagyna tarap öwür-de, onuň garşysyna pygamberlik et.


Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ