Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.
Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi.
Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»
Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»
Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy».
Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.
Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.