Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.