5 Eý, Iýerusalim, eger seni unutsam, goý, elim hünärini unutsyn.
5 Эй, Иерусалим, эгер сени унутсам, гой, элим хүнәрини унутсын.
Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.
Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.
Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.
Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.
Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.
Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.