Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.
Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?