17 Beýik patyşalary öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
17 Бейик патышалары өлдүрен Олдур, Онуң сөйгүси бакы.
Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.
Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.
Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.
Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.