Hudaý Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin bir perişdesini iberdi. Perişde halky weýran etjek bolanda, Reb muny görüp, bu betbagtçylygy goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek!» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabusly Ornanyň harman ýeriniň golaýyndady.
Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.