Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.
Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».
Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.
Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.
Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.
Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.