Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.
Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»
Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň.
Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»