6 Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun.
6 Гой, олар үчекде гөгерип, гүллемәнкә солян от кимин болсун.
Ysraýyl Ýusuba: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» diýdi.
Ýusup Efraýymyň üsti bilen çowluklar gördi. Manaşanyň ogly Makyryň çagalary Ýusubyň çagalary hasaplandy.
Mundan soň Eýýup ýüz kyrk ýyl ýaşap, çagalaryny, dört arka çenli agtyk-çowluk gördi.
Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar.
Agtyklar garry adamlaryň täjidir, ogullaryň şan-şöhraty bolsa ene-atalarydyr.
Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.