Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;
Kedr agajyny başgalardan köp ulananyň bilen näme, patyşa bolaýarmyň? Ataň hem doýýança bol iýip-içýärdi, ýöne ol adalatlydy hem dogruçyldy. Şonuň üçinem onuň işleri ugruna boldy.
Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar.