Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 127:3 - Mukaddes Kitap

3 Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Аялың мивели үзүм агаҗы дей болар сениң өйүңде огулларың зейтун нахаллары дей – сачагыңың башында

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 127:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.


Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, uýamyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!»


Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.


Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi.


Altynjy ogly Egladan bolan Ýitregamdy. Dawudyň bu ogullarynyň hemmesi Hebronda doguldylar.


Ol maňa köp ogul berdi; menden soň Rebbiň patyşalygyny dolandyryp, Ysraýyla patyşa etmek üçin, Ol köp ogullarymyň arasyndan Süleýmany saýlap-seçdi.


Ulamyň ogullary batyr ýigitler we ýaýçylardy; olaryň çagalarydyr agtyklary köpdi. Olaryň jemi bir ýüz ellidi. Şularyň hemmesi benýaminlerdir.


Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.


Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.


Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler.


Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar.


Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy.


Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ