Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».
Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.
Şu pursatdan başlap, siz näletlendiňiz, siz indi bize hemişelik gul bolarsyňyz. Siz Hudaýymyň öýi üçin odun çapýançy we suw daşaýançy bolarsyňyz» diýdi.
Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler.