3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
3 Иерусалим битеви бир шәхер дек бина эдилен.
Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!
Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim, maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny eşitdi meniň gulagym.
Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar.
Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň.
Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.
Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.
Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.