1 Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.
1 Маңа «Реббиң өйүне гидели» диенлеринде бегендим.
Gözlerimi daga aýlaýan maňa ýardam nireden geler?
«Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! –
«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».
Nagma. Koranyň nesilleriniň mezmury. Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda aýdylýan nagma. Ezra neslinden Heýmanyň maskili.
Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär.