Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy.
Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.