Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Хачана ченли җаным гайгы этмели, йүрегим-де узаклы гүн гусса чекмели? Хачана ченли душманым үстүн чыкарка?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 12:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».


Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.


Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.


Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.


Ýigrenjini dili bilen örtýändir, göwnünde bolsa hile saklaýandyr,


Iýerusalim bilen Samariýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly,


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.


Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.


«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Reb: «Maňa garşy bihaýa sözler aýtdyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Biz Saňa garşy näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Jandara tekepbir we Hudaýa dil ýetirýän sözleri sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem oňa öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanmaklyk hukugy berildi.


Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ