Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 12:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Я Реб, хачана ченли маңа назар салҗак дәл? Сен мени бакы унудайҗакмы? Хачана ченли гизлеҗек менден йүзүңи?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 12:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger;


Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.


Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin, olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.


Reb merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baýdyr.


Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.


Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.


Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi? Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?


Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.


Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.


Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?


Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.


Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr.


Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ