Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.