4 Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň.
4 Буйрукларыңы ыхласлы берҗай этмеги, Сен эмр этдиң.
Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.
Bütin halkynyň öňünde, Reb öýüniň howlularynda, eý, Iýerusalim, seniň içiňde, Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Ýalan ýollary menden uzak et, merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret.
Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»